14 döwletiň wekilleri gümrük işleriniň aýdyňlygy baradaky maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldiler
14 döwletiň wekilleri Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Ýewropa sebitiniň gümrükçileriniň hünär etikasyny ösdürmek boýunça bäş günlik sebitleýin okuw sapagyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldiler. Mundan başga-da, bilermenler özara pikir we tejribe alyşýarlar, gümrük edaralarynda öňünden anyklaýyş we aýdyňlygy öňe sürmek boýunça başlangyçlary ara alyp maslahatlaşýarlar.
Okuw sapagyna Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Germaniýa, Gruziýa, Azerbaýjan, Serbiýa, Albaniýa, Bosniýa we Gersegowina, Kosowo, Çernogoriýa, Demirgazyk Makedoniýa, Moldowa ýaly 14 ýurtdan gelen 20-ä golaý wekiller gatnaşýar. Şeýle hem, söhbetdeşliklere BGG-nyň bilermenleri gatnaşýar diýip, türkmen Gümrük edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Paýtagtymyzda ýerleşýän “Arçabil” myhmanasynda geçýän mejlisiň dowamynda taraplar, Aruşa jarnamasynda ýazylanlary hem öz içine alýan, gümrük işlerini has aýdyňlaşdyrmak boýunça görülen çäreler barada çykyş edýärler.
“Okuw sapagynyň maksady gaýtadan seredilen Aruşa jarnamasyny girizmegiň wajyplygyndan habardarlylygy ýokarlandyrmagyň üsti bilen BGG-nyň Ýewropa sebitindäki agza ýurtlarynyň gümrük işgärleriniň arasyndaky bitewiligi ýokarlandyrmakdyr” diýip, habarda bellenilýär.