Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde GDA-nyň Sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dar düzümli gepleşiklerden başlan GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşýar.

Dar düzümli gepleşiklerden soňra, hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň duşuşygy giňişleýin formatda geçiriler.

Sammitiň gün tertibi Arkalaşygyň giňişliginde häzirki döwri we geljegi nazara alyp, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegi we degişli kararlaryň kabul edilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseleleri öz içine alýar.

Duşuşyga şeýle hem döwlet ýolbaşçylary Ylham Alyýew, Aleksandr Lukaşenko, Kasym-Žomart Tokaýew, Sadyr Žaparow, Wladimir Putin, Emomali Rahmon, Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.