Türkmenistan we ÝB ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmegi dowam etdirer

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi ulag pudagynda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahatynda habar berdi. Maslahat şu gün Türkmenistanyň DIM-nde geçirildi.

M.Bäşimowa ulag pudagynyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridigini aýtdy. Geçen ýyl Brýusselde «Global Geýts» forumy geçirildi, netijede Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmek üçin utgaşdyryjy platfor­ma döredildi. Oktýabr aýynda Hazar­üsti ulag geçelgesini­ň utgaşdyryjy platfor­masyny işe girizmek b­oýunça ulag ministrleri derejesinde ýokary derejel­i duşuşyk geçirildi.

ÝB-niň Aşgabatdaky ilçisi Beata Peksa şu ýyl ÝB-niň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. ÝB parlamentarleri Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde bolarlar. Olar Hazar ulag geçelgesinde möhüm nokat hasaplanylýan, ýewropaly maýadarlaryň ünsüni özüne çekýän Türkmenbaşy porty bilen tanyşarlar.