Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-iniň binasynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda degişli bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda konsullyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Hindistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek baradaky tekliplere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek we öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeleri yzygiderli geçirmеgiň ähmiýetini bellediler.

Şertnama-hukuk binýadyny kämileşdirmek we rejelemek boýunça işleri işjeňleşdirmeklige aýratyn üns berildi.

Taraplar ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.