Türkmenistan Özbegistany Russiýa bilen birikdirer
Türkmenistan Özbegistany Russiýanyň Hazar deňziniň portlary bilen birleşdirer we şeýlelik bilen respublikany “Demirgazyk-Günorta” halkara transport we üstaşyr geçelgesine birikdirer. Bu ylalaşyk iki döwletiň transport edaralarynyň ýolbaşçylary Ilhom Mahkamow we Witaliý Sawelýew tarapyndan gazanyldy.
Häzirki wagtda Daşkent sebitdäki ähli ulag we logistika mümkinçiliklerinden peýdalanyp, dünýä bazaryna iberýän önümlerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň üstünde işleýär. Bu ugurdaky ädimleriň biri hem türkmen demir ýolunyň ulanylmagy bolup biler. Türkmen tranzitiniň soňky duralgasy Türkmenbaşy portydyr.
Golaýda Moskwa Owganystanyň üsti bilen Päkistan portlaryna ugur döretmekde Özbek tarapyny goldaýandygyny beýan etdi. “Demirgazyk-Günorta” ugrunyň goşmaça şahasy hökmünde gurluşyk üçin meýilleşdirilýän Transowgan demir ýolunyň uzynlygy takmynan 760 km bolar we taslamanyň özi $6 milliard bolar diýlip, baha berilýär.
Bu awtoulag ýoly Özbegistandan Pakistana ýük daşamak üçin çykdajylary 40% azaldar.