2024-nji ýylda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlandy
2024-nji ýylyň ahyrynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň umumy mukdary 10,6 milliard dollara barabar boldy. Bu 2023-nji ýyldakydan 11% köpdür.
Umuman alanyňda, Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 94,8 milliard dollara barabar boldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende (89,4 milliard dollar), ösüş 5,4 milliard dollar boldy. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berildi.
Söwda mukdarynyň köpüsi Gazagystan bilen amala aşyryldy — 43,8 milliard dollar (46%-den gowrak).