Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine Arkadag şäherinden öýler berildi
Arkadag şäheriniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň garry atasynyň ýadygärligine gül goýmak hem-de döwrebap şäherde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, dabaralara Arkadag şäher häkimliginiň, şol sanda şäheriň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň, okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşululardyr eneler, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň aýdymçy-sazandalary çykyş etdiler.
Täze öýleriň açarlaryny ýüzlerine sylyp kabul eden harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarydyr işgärleri şeýle bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklary üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy gözleriniň göreji deýin gorajakdyklaryna tüýs ýürekden ynandyrdylar.
Dabara gatnaşyjylar täze şäheriň ýaşaýyş jaýlaryndan berlen täze öýlerde döredilen amatly şertler bilen hem tanyşdylar. «Akylly» öý tehnologiýalary peýdalanylyp bina edilen jaýlaryň gurluşygynda we enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde iň häzirki zaman çözgütlerinden peýdalanylypdyr. Öýleriň aşhanasy, eýwanlary, olaryň gurluş aýratynlyklary amatlylygyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär. Jaýyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, çagalar üçin oýun meýdançalary, dürli dabaralary geçirmek üçin ýerler göz öňünde tutulypdyr.