Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşyny amala aşyrdy
2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda iki ýurduň ilçihanalarynyň ýakyndan ýardam bermeginde, Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Bu awiakompaniýa häzirki wagtda Tbilisi (Gruziýa) – Zhengzhou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Zaragoza (Spaniýa) – Tbilisi (Gruziýa) ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.
Türkmenistan Gruziýa bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle-de Aziýa, Kawkaz we Ýewropa ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, täze halkara ýük howa gatnawynyň açylmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine uly itergi berer.
Şeýlelikde, Türkmenistan Gruziýa bilen ýük howa gatnawlary ýola goýup, Kawkaz, Aziýa we Ýewropa ýurtlary ugry hyzmatdaşlygyny giňeldýär.
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasy ýolbaşçylary bilen nobatdaky onlaýn görnüşinde duşuşygyny geçirdi.
Duşuşykda, Gruziýa bilen Aziýanyň we Ýewropanyň şäherlerini birleşdirjek Türkmenabadyň Halkara howa menzili üstaşyr nokat hökmünde ulanylyp, ilkinji nobatda onuň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ýagny Aziýany we Ýewropany birikdirýän howa ýollary, demir ýol we awtoulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi bilen şertlendirýändigi bellenildi.