Türkmenistan we Gazagystan sürüjiler üçin wiza düzgünini aradan aýyrmagy göz öňünde tutýar

Gazagystan Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň çägi arkaly Ýewropa uzaýan alternatiw ulag geçelgelerini ösdürýär. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kazinform» habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, gazak tarapy Ýewropa bazaryna girmek üçin Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň çäklerinden geçjek täze ulag geçelgesini ulanmagy meýilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalaryna amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrligi Türkmenistan bilen awtoulaglar üçin rugsatsyz ýük daşamalar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça iş alyp barýar.

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky awtoulaglardaky halkara ýük daşamalary baradaky hökümetara ylalaşyga üýtgetmeler girizmek hakynda teswirnama gol çekildi. Häzirki wagtda bu resminamany tassyklamak işleri dowam edýär.

Mundan başga-da, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda sürüjiler üçin wiza düzgünini aradan aýyrmak hem göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal Özbegistan hem Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa uzaýan alternatiw ulag geçelgelerini ösdürmegi meýilleşdirýändigini yglan edipdi.