Merkezi Aziýa ýurtlary Eýranyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzaýan ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygy taýýarlaýarlar
Türkmenistanyň ulag we demir ýol pudagynyň wekilleri özleriniň gazagystanly, özbegistanly, eýranly we türkiýeli kärdeşleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikler geçirdiler. Onda Eýranyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzaýan ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özbek tarapynyň başlangyjy bilen guralan maslahatda Hytaý - Gazagystan - Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe - Ýewropa ugry boýunça halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygyň baglaşylmagy bilen bagly möhüm meselelere maslahatlaşyldy diýip, Özbegistanyň Ulag ministrligi habar berýär.
Täze ulag-üstaşyr geçelgesi ähli gatnaşýan taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýär we taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Häzirki wagtda Ýewropa - Kawkaz - Aziýa ugry boýunça alternatiw ulag ugry hereket edýär. Ol Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryny Hazar deňziniň portlary we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly özara baglanyşýar.