«Türkmen Milli Logistik» AGPJ gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmenistanyň milli ulag-ekspeditor (экспедитор – bir zady degişli ýerlerine ibermek bilen meşgul bolýan, işgär, kärhana) hususy kärhanasy bolan «Türkmen Milli Logistik» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) ýurdumyzyň gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky iş meýilnamalary barada habar berdi. Ýakyn geljekde bu hususy kärhana «Smart Maritime Group» kompaniýasynyň – Herson gämi abatlaýyş kärhanasynyň Türkmenistandaky resmi wekili bolmagy meýilleşdirýär.
Türkmen ulag hususy kärhanasynyň baş müdiri Begenç Mämmedowyň sözlerine görä, «Türkmen Milli Logistik» AGPJ Herson döwlet deňiz akademiýasy we akademiýada döredilen «Deňiz tehnologiýalarynyň senagaty» ylmy seýilgähi bilen hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy. Bu hyzmatdaşlygyň kanuny taýdan resmileşdirilmegi Baltika-Gara deňiz ykdysady forumynyň dowamynda, 2022-nji ýylyň mart aýynyň ahyry bilen aprel aýynyň başynda
Ukrainanyň Herson şäherinde geçiriler. Bu şertnamalara gol çekmek dabarasynyň ýakyn 2-3 aýyň içinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilse-de, olary durmuşa geçirmäge gönükdirilen amaly işler (taraplaryň ylalaşygy boýunça) eýýäm başlandy.
Herson döwlet deňiz akademiýasynyň häzirkizaman türgenleşik (тренажёр – türgenleşik üçin gurluş) enjamlary bilen üpjün edilen özboluşly okuw binasyna eýe bolan Ýewropanyň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň biridigini aýratyn bellemelidiris.
Akademiýada döredilen «Deňiz tehnologiýalarynyň senagaty» ylym seýilgähi, Ukrainadaky bu segmentde (сегмент – tegelegiň duga bilen onuň hordasy arasynda galýan bölegi) soňky 2021-nji ýylda metallary goramak we segment harytlaryny öwrenmek (материал – çig mal, haryt; материаловедения – materiallary öwrenmeklik) ylmy boýunça üýtgeşik ösüşlere eýe bolup «Ýurduň saýlamasy» atly tapawutlandyryjy nyşanyny alan ýeke-täk seýilgähdir.
«Smart Maritime Group» holdingi esasy gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş kärhanasy bolmak bilen, soňky 15 ýylyň içinde 40-dan gowrak gämi, şol sanda 3 sany azyk önümleri tankerini, 5 sany tirkeg gämisini (буксир – tirkeg gämisi, tirkeg çekýän gämi), 10 sany gämi gabarasyny (корпусов судов – gämi gabarasy), 15 sany derýalar üçin niýetlenilen himiki tankerleriň gabarasyny gurdy.
Gämileri abatlamak we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly halkara tejribesine eýe bolan bu holding ýylda 80 töweregi gämi abatlaýar. Öňdebaryjy taslama býurolary bilen netijeli işlemegi baş maksat edinip, «Smart Maritime Group» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili bolmagy meýilleşdirýän «Türkmen Milli Logistik» AGPJ işiň bir bölegini Ukrainadaky gämi abatlaýyş kärhanalarynda, bir bölegini bolsa Türkmenistandaky hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilmegini ýola goýmaklyk, şol sanda gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmeklik babatda Türkmenistan üçin täze mümkinçilikler açýar.