Hytaýly öndüriji uçarmansyz uçýan taksi üçin şahadatnama aldy

 

 Pilotsyz howa ulaglaryny döredýän we öndürýän “Ehang” kompaniýasy, uçýan taksi üçin uçuş ukyplaryny tassyklaýan şahadatnamany dünýäde ilkinji bolup aldy.

Uçýan taksi sagatda 135 km tizlik bilen ýolagçylary daşamaga ukyplydyr. Uçuş ukyplylygy barada şahadatnamany, “Ehang” ähli synaglary we barlaglary üstünlikli geçeninden soňra Hytaýyň raýat awiasiýa administrasiýasy (CAAC) tarapyndan berildi. Iki ýylyň dowamynda kompaniýa hiç hili hadysasyz 40 müňe golaý synag uçuşyny amala aşyrdy.

“EHang” ýakyn wagtda Hytaýda we daşary ýurtlarda uçýan taksileriniň täjirçilik işine başlamagy maksat edinýär. ABŞ, Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa ýaly dürli ýurtlardan we sebitlerden aerotaksi üçin eýýäm 1,2 müňden gowrak sargyt geldi. “Ehang”-yň esaslandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Huaçži Hu Hytaýda alnan şahadatnamanyň beýleki ýurtlarda uçuş üçin rugsat almagy ýeňilleşdirjekdigini aýtdy.

 

Uçýan taksi “Ehang 216” şäherlerdäki ýol-ulag hereketi bilen bagly bolan meseleleri çözmegi başarýan we kömürturşy gazlaryny azaldyp biljek täze önümdir. “Ehang” uçarmansyz uçar pudagynda öňdebaryjy bolup, adamlaryň syýahat etmegi üçin howpsuz, amatly we ekologiýa taýdan arassa ýoly döretmegi maksat edinýär.