GDA ýurtlary energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk resminamalaryny taýýarlaýarlar
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady meseleler boýunça topary 18-nji oktýabrda Moskwada nobatdaky mejlisi geçirmek üçin ýygnandylar.
Onda Arkalaşygyň çäginde 2035-nji ýyla çenli döwür üçin energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Konsepsiýanyň we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynyň taslamalaryna seredildi. Bu resminamalar Arkalaşygyň ýurtlarynyň energetika babatdaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny, şol sanda dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Konsepsiýanyň we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy az uglerodly energetika, netijeli usullary ulanmak arkaly energetika öwrülişigi we bu ugurdaky tehnologiýalar babatda geljekki işleri hem kesgitleýär. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi mälim edýär.
Şeýle hem 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA ýurtlarynyň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we desgalaryň işini utgaşdyrmak boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyna garaldy. Ol ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýär.
Mejlisde şeýle hem ekologiýa, hukuk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meýilnamasynyň taslamalaryna garaldy.