Hytaý kompaniýasy Türkmenistana ýük awtomobilleriniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär
“Shacman” hytaý kompaniýasynyň halkara aragatnaşyklar bölüminiň wekili Fu Şihu Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory bilen kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk barada giňişleýin durup geçdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Taraplar eksport pudagynda hyzmtdaşlygy üstünlikli ösdürmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar. Şeýle hem, hytaý kompaniýasynyň Türkmenistanda durmuşa geçiriljek täze taslamalara gatnaşmaga taýýardygy mälim edildi.
Kompaniýa öz hyzmatlarynyň sarp edijiler giňişligine elýeterli bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär. Türkmen tarapy öz gezeginde hytaý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.
Bu duşuşyk “Bir guşak, bir ýol” ýokary derejeli 3-nji maslahatyň çäklerinde geçirildi.