Aşgabat - Gökdepe ýolunyň ugrunda täze awtomobil köprüleri gurlar
Anna güni geçen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek, häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglere laýyk gelýän sil-suw akabasyny hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak boýunça teklipleri Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.
Munuň özi ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy, ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasynyň, şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprülerini gurmak baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.