Türkmenistanyň Hökümetiniň medeniýet meseleleri boýunça wise-premýeri täzelendi

Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasаry wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana şu gün 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Belläp geçsek, Bahar Seýidowa mundan ozal, 2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mährijemal Mämmedowany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasаry wezipesinden boşatdy.