Türkmenistanyň wekilleri Astrahanda geçiriljek halkara foruma gatnaşar

25-26-njy oktýabrda Astrahan şäheri “HTK “Demirgazyk – Günorta” - täze konsepsiýa” halkara forumyna gatnaşyjylary kabul eder.

Bu çäre Astrahan sebitiniň hökümetiniň, “Demirgazyk-Günorta” Hazar halkara integrasiýa klubynyň we “RusIranExpo” kompaniýalar toparynyň goldawy bilen geçiriler.

Türkmenistan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Belarus, Özbegistan, Hindistan, Päkistan we BAE ýaly dürli ýurtlardan 150-den gowrak kompaniýalar ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri gözlär. Şeýle hem, çärä gatnaşyjylar “Demirgazyk – Günorta” HTK taslamasyny durmuşa geçirmegiň amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

25-nji oktýabrda dört sany sessiýanyň dowamynda hünärmenler täze bazarlar, ýük we tranzit boýunça teklipleri we “Demirgazyk – Günorta” üstaşyr geçelgesiniň täze täze konsepsiýasy barada bilermenler öz pikirlerini paýlaşarlar. Şeýle hem, kompaniýalaryň maýa goýum şertnamalaryna gol çekmeklerine garaşylýar.

26-njy oktýabrda gatnaşyjylar sebitdäki kärhanalara, Astrahanyň portlaryna we «Lotos» gämi gurluşyk zawodyna baryp görerler.