Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag aragatnaşyklary boýunça maýa goýum forumy Brýusselde geçiriler

Ýewropa Komissiýasy 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde döwlet we hususy pudagyň wekillerini, yklymyň iki sebitiniň – Ýewropa we Merkezi Aziýa – arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak isleýän maýadarlary birleşdirjek maýa goýum forumyna taýýarlyk görýär.

Forum Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşygy boýunça Ýewropa Komissiýasynyň garamagynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky tarapyndan ozal ýerine ýetirilen we geçirilen barlag işleriniň dowamy bolar.

Bu barada Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 19-njy ýygnagynda bellendi.

Çärä gatnaşyjylar ýakyn wagtda Aşgabatda döwlet edaralarynyň we hususy ulag we logistika kompaniýalarynyň transport boýunça bilermenleriniň ýygnagyny geçirmek teklibini goldadylar.

Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň Bäşinji maslahat duşuşygynda Merkezi Aziýada Ýerüsti ulaglarynyň arabaglanyşygy baradaky ylalaşyga gol çekilmegini goldady.