«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat - Deli gatnawyny täze meýilnama laýyklykda amala aşyrar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Deli ugry boýunça gatnawlary 2023-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan 2024-nji ýylyň 27-nji martyna çenli täze meýilnama laýyklykda amala aşyrar. Aşgabat - Deli – Aşgabat ugry boýunça gatnawlar şenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar.

Şenbe günleri “T5535” gatnawy boýunça uçar Aşgabatdan 01:35-de ugrap, Delide 05:35-de gonar. Deliden 06:55-de uçup, Aşgabat şäherinde sagat 10:05-de gonar. Gatnawlar ýerli wagt boýunça görkezilýär.

Ýekşenbe güni “T5537” gatnawy Aşgabat halkara howa menzilinden sagat 09:30-da ugrap, 13:30-da Deli şäherine gonar. Deliden sagat 15:00-da ugrap, Aşgabada sagat 18:10-da gonar. Gatnawlar ýerli wagt boýunça görkezilýär.

Häzirki wagtda türkmen awiakompaniýasy çarşenbe we penşenbe günleri Aşgabatdan Delä hepdelik uçuşlary amala aşyrýar. Awiabiletleri turkmenistanairlines.tm saýtyndan onlaýn satyn alyp bilersiňiz. Goşmaça maglumatlar üçin +99312391717 we 085 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz.