
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Türkiýä sapar bilen barar
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa 2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen barar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok Aşgabatda geçirilen metbugat maslahatynda habar berdi.
Türkiýäniň ilçisiniň sözlerine görä, Mejlisiň başlygynyň ilkinji daşary ýurt sapary türk tarapy üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Saparyň çäklerinde iki ýurduň parlamentara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen möhüm duşuşyklaryň birnäçesiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«Bu sapar aýratyn ähmiýet berilmegi bilen häsiýetlendirilýär we türk tarapy üçin örän möhümdir» — diýip, ilçi Demirok nygtady.