Ulag pudagy – türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri diýlip atlandyryldy
Hormatly Prezidentimiz türk hyzmatdaşlaryna bilelikdäki ulag we logistika merkezini döretmegi teklip etdi. Döwlet baştutany bu barada Ankarada geçirilen türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyşynda aýdyp geçdi.
Hormatly Prezidenimiz Ulag we aragatnaşyk pudagyny hyzmatdaşlygyň esasy we geljegi uly ugurlaryndan biri hökmünde belläp, häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli aragatnaşyk görnüşlerini birleşdirýän täze ulag infrastrukturasynyň giň gerimli gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda iki ýurduň ulag edaralarynyň, assossiýasylarynyň we kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli işewürlik duşuşyklaryny ýygnaklaryny guramagy teklip etdi.