Türkmen wekiliýeti Tbiliside Ýüpek ýoly forumynyň çäklerinde duşuşyklary geçirdiler
Tbilisi şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň Hökümetiniň agzalary we Ýüpek ýoly forumyna gatnaşmak üçin gelen Rumyniýanyň ulag edarasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler.
Has takygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri Gruziýanyň durnukly ösüş ministriniň orunbasary, Rumyniýanyň Ulag we infrastrukturalar ministrliginiň döwlet sekretary, "APM Terminals" kompaniýasynyň söwda aragatnaşyklar kompaniýasynyň direktory, "MSC Georgia-nyň" dolandyryjy direktory bilen gepleşikleri geçirdiler.
Bellenişi ýaly, duşuşyklaryň barşynda söwda-ykdysady, ulag-energetika we maýa goýum pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy. "Hazar deňzi - Gara deňiz" ulag-üstaşyr geçelgesine aýratyn üns berildi.
Gruziýanyň Hökümetiniň esasy düzümleri, şol sanda Kazyýet edarasyna, Baş Prokuratura we Içeri işler ministrligine bolan tanyşdyryş saparlarynda hususan-da çagalara hukuk adalatlylygynyň üpjün edilişi bilen bagly işler tanyşdyrylyp, bu ugurdaky gazanylan tejribeler öwrenildi. Bu tanyşdyryş çäresi ÝUNISEF-iň Gruziýadaky wekilhanasy we döwlet hyzmatdaş edaralary tarapyndan guraldy.