Hazarüsti gatnawy boýunça ilkinji bilelikdäki kärhana döredildi
Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň demir ýollary deňhukukly esasda bilelikdäki kärhanany döretmek barada şertnama baglaşdylar. Täze kompaniýa “Middle Corridor Multimodal Ltd.” diýlip atlandyrylar we “bir penjire” hyzmatlary esasynda üpjün eder, ýükleriň wagtynda getirilmegini kepillendirer, Hytaý-Ýewropa we Türkiýe-Hytaý ugurlarynda multimodal hyzmatlary ösdürmek üçin utgaşdyrylan syýasaty alyp barar.
Resminama Tbliside geçirilen “Silk Road” forumynda gol çekildi.
Hazarüsti halkara ulag geçelgesinde multimodal hyzmatlary ösdürmek üçin üç ýurduň demirýol işgärleri mümkinçiliklerini birleşdirdiler. Täze kompaniýa “Astana” halkara maliýe merkeziniň esasynda döredilýär.
Geçen ýylyň iýun aýynda Gazagystan we Azerbaýjan Orta koridoryň ýeke-täk operator-kompaniýasyny döretmek barada ylalaşyk gazanandyklaryny we ýakyn wagtda muňa Gruziýanyň goşulmagyna garaşýandyklaryny mälim etdiler. Bu ýeke-täk kompaniýa nyrhlary kadalaşdyrmaga, Orta koridorda ähli ýükleriň daşalşyna gözegçilik etmäge we üstaşyr geçiş wagtyny 10-15 güne çenli azaltmaga gönükdirilendir.