Taýland deňiz logistikasyny ösdürmek boýunça täze milli kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär

Taýlandyň Transport ministrligi konteýner daşamak bilen meşgullanjak täze milli ýük daşaýan kompaniýany döretmegi meýilleşdirýär.

Taýlandyň portlarynyň administrasiýasy bu konteýner daşaýjynynyň işini guramagyň dürli görnüşlerine, şol sanda tutuşlygyna döwlet kompaniýasyny döretmek ýa-da döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna gatnaşmak mümkinçiligine garady.

Täze kompaniýa halkara derejesine çykmazyndan ozal içerki sekiz sany ugurda işlär. Taýlandyň täze kompaniýasynda dört sany konteýner daşaýjy gämi bolar.

Häzirki wagtda Taýlantdaky iň uly milli konteýner daşaýjy kompaniýa Regional Container Line (RCL). Bu kompaniýanyň ulag kuwwaty 77 müň TEU bolup, ol “Alphaliner” sanawy boýunça dünýäde 24-nji ýerde durýar.