"Balkan" zawody we "KOMEO" kompaniýasy 42 million dollarlyk şertnama baglaşdylar
"Balkan" gämigurluşyk we abatlaýyş zawody Deňiz enjamlary boýunça koreý assosiasiýasy (KOMEO) bilen 6,1 müň tonna umumy ýükleri daşamaga niýetlenen gämileriň taslamalaryny düzmek we bilelikde gurmak we degişli enjamlary getirmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada "Gukjanews" habarlar agentligi mälim edýär.
Gämigruluşyk babatda günorta koreý tehnologiýalarynyň getirilmegi Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolar.
"KOMEO" kompaniýasynyň Sankt-Peterburgdaky şahamçasynyň mälim etmegine görä, taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen kompaniýa degişli kiçi we orta kärhanalaryň önümlerini daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak bilen Hazar sebitinde gämigurluşyk babatda täze bazary döredýär.
Täze guruljak "MPC 6,1K" synply köp maksatly gämi ýükleriň dürli görnüşlerini Hazar sebitinde daşamak üçin amatlydyr. Onuň uzynlygy 128 metr, ini hem 16,5 metr bolar.