
Türkmenistanyň Adalat ministrliginde raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişlik geçiriler
1-nji martda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary sudynyň işgärleri we Aşgabat şäher aklawçylar kollegiýasynyň agzalary tarapyndan raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Kabul edişlik Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda geçiriler, salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 150.
Kabul edişlik sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +(99312) 39-19-20, +(99312) 39-19-21.