Abu-Dabiniň howa menzilinde özbaşdak bellige durup hem-de goşuňy tabşyryp bolýan täze terminal işe girizildi
1-nji noýabrda Abu-Dabiniň (BAE) halkara howa menzilinde ozalkydan üç esse uly bolan täze terminal açyldy.
Ýüzüň biometriýasy boýunça özbaşdak bellige durmak hem-de goňuňy tabşyrmak üçin ýörite bölümleriň bolmagy bu terminalyň aýratynlygydyr. Indi ýolagçylar bu amallary has çalt geçerler.
Abu-Dabiniň halkara howa menzilindäki täze terminalda biometriýa uçuşa taýýarlygyň ähli tapgyrlarynda ornaşdyryldy. Munuň özi dünýä tejribesinde ilkinji gezekdir.
Häzirki wagtda terminalda biometrik gözegçiliginiň 14 enjamy ornaşdyryldy. Geljekde olaryň sany artdyrylar.
Terminal ýylda esasy 117 ugur boýunça 45 milliondan gowrak ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Howa menziliniň wekiliniň aýtmagyna görä, bir uçardan beýleki uçara geçilende garaşmagyň dowamlylygy iň az 45 minuda deň bolar.
Noýabr aýynyň ortalarynda täze döwrebap terminal 28 awiakompaniýanyň, şol sanda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçarlaryna hyzmat edip başlar.