
Penza kompaniýalary Türkmenistandaky IFT 2025 Halkara foruma çagyryldy
Penza kompaniýalary mart aýynyň 16-18-i aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Türkmenistanyň geljegine maýa goýum” (IFT 2025) atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara foruma çagyryldy.
“Türkmenistan bilen Penza oblastyny gadymdan gelýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Bu forum öz harytlaryny eksporta çykarmak hem-de maýa goýum babatda daşary ýurtly döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýän Penzanyň kärhanalary üçin gyzyklanma döreder” – diýip, Penza oblastynyň Ykdysady ösüş we senagat ministrliginiň daşary Ykdysady işler we döwlet goldawy bölüminiň müdiri Olga Kitaýewanyň sözleri habarda getirilýär.
Forumyň wezipeleri – işewür gatnaşyklary ýola goýmak, türkmen kompaniýalaryň maýa goýum taslamalaryny görkezmek, tejribe we bilim alyşmak üçin meýdançanyň döredilmegidir.
Forumyň maksatnamasy bilen tanyşmak hem-de hasaba durmak üçin: https:///www.ift.com.tm saýtynda elýeterlidir.
Şeýle-de okaň: IFT 2025: Türkmenistanyň hususy böleginiň täze gözýetimlerine ünsüň çekilmegi