“Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe” ulag geçelgesi Aziýa-Ýuwaş umman sebitini ÝB bilen birleşdirer
YHG-na agza ýurtlar Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Halkara multimodal ulag geçelgesini döretmek barada ylalaşdylar.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisiniň çäginde Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň degişli ministrlikleriniň köptaraplaýyn duşuşygynda “Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe” ugry boýunça Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky Halkara multimodal geçelgesiniň Teswirnamasyna gol çekildi
Gol çekilen Teswirnama laýyklykda, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýük daşamagy guramak göz öňünde tutulýar.
Bu, şeýle hem bäsdeşlik nyrhlarynyň ulanylmagyny we Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demir ýollary bilen haryt daşamak üçin amatly şertleriň döredilmegini, ýükleri daşamakda we marşruta gatnaşýan ýurtlaryň ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmakda kadalaşdyryjy hukuk we tehniki ülňüleri birleşdirmek boýunça çäreleri bilelikde işläp düzmekligi göz öňünde tutýar.
Bu geçelgäniň emele gelmegi we işe girizilmegi Türkmenistanyň global ulag we logistika torlaryna goşulyşmagyny çuňlaşdyrmaga we ýurduň üstaşyr geçiş mümkinçiligini ýokarlandyrmaga kömek eder.
YHG-nyň ýurtlarynyň ulag ministrleriniň nobatdaky, 13-nji mejlisi 2024-nji ýylda Tähranda geçiriler.