
Aprel aýynda Astrahanda "Hazar sebitiniñ ulag logistikasy 2025" forumy geçiriler
2025-nji ýylyñ 23-24-nji apreli aralygynda Astrahanda Hazar sebitiniñ ulag logistikasy 2025" atly halkara forumy geçiriler.
Bu möhüm çäre dürli ýurtlardan, şol sanda Russiýadan, GDA ýurtlaryndan, Hazarýaka sebitinden, Hindistandan we Hytaýdan gatnaşyjylary ýygnar. Forum Wolga-Hazar ulag ulgamynyñ we "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniñ ösüşine degişli derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler.
Arasynda stiwidor (gämileriñ ýüklenilmegine we ýük düşürilmegine ýöriteleşen) logistik kompaniýalary, ekspeditorlar, ýük eýeleri, şeýle hem suw, demir ýol we awtomobil ulag operatorlary bar bolan gatnaşyjylar täze ugurlary we aýratyn ykdysady zolaklary döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.
"Afanasiý Nikitin" birleşigi we "Wiwa Konsalt" kompaniýasy çäräniñ guramaçylary bolup, Astrahanyñ sebitde möhüm ulag halkasy we logistika merkezi hökmündäki orunlaryny berkitmekde forumyñ wajyplygyny açyp görkezýär. Forumyñ geçirilmegi gatnaşyjylaryñ arasynda işjeñ özara hyzmatdaşlygy hem göz öñünde tutýar. Munuñ özi täze maýa goýumlaryñ çekilmegine hem-de ulag-logistika infrastrukturasynyñ ösmegine ýardam edip biler.
Has giñişleýin maglumatlary forumyñ saýtynda tapyp bilersiñiz.