Türkmenistan multimodal ulag hyzmatlaryny hödürlemek işini kämilleşdirer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hödürlenilýän multimodal ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe teklipleri taýýarlady.

Bu barada anna güni hökümetiň mejlisinde Agentligiň baş direktory Mämmethan Çakyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin Türkmenistana daşary ýurtlardan gelýän hem-de ýurduň çäklerinden üstaşyr geçip gidýän awtoulaglaryň we motosiklleriň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň mukdaryny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.