Türkmenistan Palestina ynsanperwer kömegini iberdi

Türkmenistan Palestina halkyna we ilkinji nobatda, palestinaly çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwer kömegini iberdi.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti Haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda, lukmançylyk enjamlary, derman serişdeleri we beýleki zerur bolan önümler ynsanperwer kömegi hökmünde Palestinanyň halkyna iberildi. Bu barada, 8-nji noýabrda çarşenbe güni Türkmenistanyň Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.