“Türkmentel-2023” atly forumyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resminamalara gol çekildi

Aşgabat şäherinde geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň birinji gününde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe resminamalary baglaşdy.

 

Has takygy, forumyň çäklerinde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça Döwlet gullugynyň arasynda maglumat howpsuzlygy ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “ELINC China Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;

 

Şeýle hem “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Fransiýanyň “Thales Alenia Space France SAS” hem-de “Eutelsat” kompaniýasynyň arasynda gizlinlik we aýan etmezlik barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

 

Forumyň jemleýji gününde hem oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda täsirli häsiýete eýe bolan sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek, degişli güwänamalary gowşurmak göz öňünde tutulýar.