Azerbaýjan ulag serişdeleriniň ekologik derejesi boýunça döwlet standartyny kabul etdi
Azerbaýjan ulaglaryň ekologik taýdan arassalyk derjesini kesgitleýän AZS 636:2023 belgili hem-de “Ýol-ulag serişdeleri. Ekologik derejeler” diýlip atlandyrylýan döwlet standartyny kabul etdi.
Täze standart, ekologiýa taýdan arassa we howpsuz ulag görnüşleriniň ulanylyşyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Ol Azerbaýjanyň çäginde ulanylýan (ýurtda öndürilýän we daşyndan getirilýän) ulaglaryň daşky gurşawa goýberýän zyňyndylaryna bolan talaplary kesgitleýär. Bu standart, şeýle hem ulaglaryň daşky gurşawa we adamyň saglygyna ýaramaz täsirini azaltmaga ýardam eder.
Azerbaýjanyň Standartlaşdyrmak instituty (AZSTAND), Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň garamagyndaky düzüm birligidir.