Hytaýda dünýädäki ilkinji ýokary tizlikli aragatnaşyk magistral ulgamy işe girizildi
Hytaý indiki nesil internetiň dünýädäki ilkinji ýokary tizlikli magistral ulgamyny işe girizdi.
Munuň özi ählumumy internet infrastrukturasynda möhüm waka boldy.
Ýokary tizlikli aragatnaşyk ulgamy Sinhua Uniwersiteti tarapyndan China Mobile, Huawei, şeýle hem Hytaý bilim we ylmy-barlag tory bilen hyzmatdaşlykda işlenilip taýýarlanyldy. Aragatnaşyk ulgamy üç müň kilometrden gowrak bolup, Pekini, Hubeý welaýatyndaky Uhany we Guandun welaýatyndaky Guançžouny birleşdirýär.
Sekuntda 1200 gigabit tizligi bolan bu ulgam ýokary durlukdaky 150 filmi bary ýogy bir sekuntda geçirmäge ukyplydyr.
Şunda maglumaty geçirmegiň netijeliligi 10 esse uludyr.
Bilermenleriň belleýşi ýaly, bu tizlige 2025-nji ýylda ýetmäge garaşylýardy, ýöne hytaýly hünärmenler bu maksada has ir ýetdiler.
Ulgam programmalara we enjamlara özbaşdak gözegçilik edýär, bu bolsa onuň tehnologiýa mümkinçiliklerini dünýäde öňdäki orunlara çykarýar.
Sinhua Uniwersitetiniň Ulgamlaýyn ylymlar we kibergiňişlik institutynyň wekili professor Sýuý Minweý ýokary tizlikli indiki nesil aragatnaşyk magistral ulgamyny demirýoluna meňzetdi.
“Ozal sany barha artýan ýolagçylary ýerleşdirmek üçin 10 sany demirýol gerekdi, indi bolsa ýekeje ýokary tizlikli demirýol hem ýeterlik” diýip ol belledi.
Magistral aragatnaşyk ulgamy, munuň özi internet hyzmatlary bilen meşgullanýanlara ulgamlaýyn hyzmatlary amala aşyryp bilýän ýokary tizlikli maglumat geçiriji ulgamdyr.