Aşgabatda CASCA+ ulag geçelgesi boýunça agza ýurtlaryň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçýär
Aşgabatda “Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa” CASCA+ halkara multimodal ulag-üstaşyr ugry boýunça agza döwletleriň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi öz işine başlady.
Ulag geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň, döwlet hususy edaralarynyň wekilleri bu ugur boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
CASCA+ taslamasy gatnaşyjy ýurtlaryň üstaşyr mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna Hytaý – Ýewropa – Hytaý ugry boýunça demirýol ýük daşamalarynyň möçberlerini we netijleiligini ýokarlandyrmak maksady bilen döredildi.
Mejlis öz işini 17-nji noýabra çenli dowam eder.