Dubaýda “Aurus” awtoulaglarynyň gurnama işleri başlandy

Dubaýyň önümçilik kärhanasynda Russiýanyň “Aurus” kysymly awtoulaglary düzülip başlandy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri, senagat we söwda ministri Denis Manturow žurnalistlere mälim etdi.

 

Bellenişi ýaly, Dubaýda ilkinji “Aurus Senat” sedan awtoulagy öndürildi, geljekde bolsa “Komendant” kysymly ilkinji awtoulag öndüriler. Şeýle hem, BAE-de alyjylaryň awtomobilleri saýlap, satyn alyp bilmekleri üçin satuw salonyny açmak meýilleşdirilýär.

 

Wise-premýeriň pikiriçe, rus awtomobil markasynyň Ýakyn Gündogar ýurtlarynda ulanylyşy barha giňeler.

 

Manturow ozal, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň ýakyn wagtda kaşaň “Aurus” awtoulaglaryny esasy satyn alyjylaryň birine öwrüljekdigini aýdypdy.

 

2022-nji ýylyň dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri, senagat we söwda ministri Denis Manturow Birleşen Arap Emirliklerinde “Aurus” awtoulaglaryny ýygnamagyň 2024-nji ýylda, şol bir wagtda üpjün ediji merkeziň açylmagy bilen işjeňleşdirilip bilinjekdigini mälim edipdi.

 

“Aurus” awtoulaglary ýokary amatlykly ulag kysymy bolup, onuň limuzin, sedan, miniwen we jip görnüşleri bar. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem bu awtoulagy ulanýar.