Dubaý häzirki wagtda hereket edýän halkara howa menzilini has uly desga bilen çalyşmagy meýilleşdirýär

Dubaýda täze iri howa menzili gurlar. Ol BAE-de iň iri howa menzili bolan Dubaýyň halkara howa menziliniň ýerini tutar.

 

Dubaýyň howa menzilleriniň dolandyryjy edarasy—DubaiAirports kompaniýasy 2023-nji ýylda 86 million ýolagçyny kabul etmegi we pandemiýa çenli bolan ýolagçy sanyny geçmegi göz öňünde tutýandygyny habar berenden soňra bu täzelik peýda boldy.

 

Dubai Airports kompaniýasynyň baş direktory Pol Griffitsiň aýtmagyna görä, Dubaýyň halkara howa menziliniň geçirijilik ukyby ýylda 120 million ýolagça deňdir. Haçan-da bu derejä ýetilende täze howa menzili gerek bolar. Onuň hasaplamalaryna görä, bu derejä 2030-nji ýyllarda ýetiler.

 

Täze howa menziliniň guruljak möhleti we çykdajylary barada hiç zat habar berilmeýär. Ýöne desganyň futuristik dizaýnda boljakdygy aýdylýar.

 

“Biz terminally howa menzilini gurmagy we howa menzilleriniň biznes şeklini üýtgetmegi meýilleşdirýäris” diýip Griffits aýtdy.