Aşgabatda alty ýurduň demir ýol edaralary CASCA+ ulag geçelgesini ösdürmek barada Teswirnama gol çekdiler
“Aziýa-Ýuwaş umman döwletleri-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” (CASCA+) multimodal ulag we üstaşyr geçelgesine agza döwletleriniň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda geçirilen altytaraplaýyn duşuşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler.
Çärä Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyn, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniňň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem logistik kompaniýalary we kärhanalary gatnaşýarlar.
Logistika gurluşlaryň arasyndaky halkara gatnaşyklary, CASCA+ ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek gara ýol, deňiz, demir ýol we howa gatnawlarynda ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak bu duşuşygyň esasy maksatlary boldy.
Häzirki wagtda “CASCA+” geçelgesi 3 sebiti — Merkezi Aziýany (Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan), Günorta Kawkazy (Azerbaýjan, Gruziýa), şeýle hem Anadoly sebitini (Türkiýe) öz içine alýar. “CASCA” bu sebitleriň iňlis dilindäki atlarynyň gysgaldylan görnüşidir. Ulag geçelgesiniň adyndaky “+” belgisi bolsa Günorta-Gündogar Aziýanyň döwletlerini, hususan-da, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirmegi maksat edinýän ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalara gyzyklanma bildirýän täze gatnaşyjylary kabul etmäge taýýarlygy aňladýar.
Ulag geçlegesiniň esasy maksatlaryndan biri Merkezi Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ulag aragatnaşygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, möhüm waka 46 wagondan we her biri 20 metr bolan konteýnerleriň 91-sinden ybarat konteýner demir ýol düzüminiň Özbegistandan Bolgariýa ugradylmagy möhüm waka boldy. Bu otly düzümi 2022-nji ýylyň dekabrynda “Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Bolgariýa - Ýewropa” ugry boýunça üstaşyr ýurtlaryň ulag düzümlerini ulamak arkaly 4 müň kilometrlik ýol geçdi. Bu ýük demir ýol düzüminiň degişli ugurda yzygiderli ýük gatnawlaryny üstünlikli amala aşyrmakdan ybaratdyr. Degişli ýurtlaryň ulag operatorlary ýükleri daşamagyň mukdaryny ýylda 30 müň konteýnere ýetirmegi maksat edinýärler.
15-17-nji noýabrda Aşgabatda “Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa” (“CASCA+”) halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi.