Türkmen tarapy Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ugry boýunça ýük daşalyşyny işjeňleşdirmegi teklip edýär
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran bilelikdäki toparynyň 17-nji mejlisinde türkmen tarapy Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ulag-üstaşyr ugry boýunça ýükleriň geçirilişini işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Mejlis hyzmatdaşlyk toparlarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň başlyklygyndaky Hökümetara toparlarynyň gatnaşmagyna geçirildi.
Ulag babatda hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran üstaşyr geçlegesiniň ýokary netijeliligi bellenildi. Bu ugur boýunça Türkmenistanyň üstünden Hytaýdan Eýrana 30 sany synag ýük otlusynyň, Eýrandan Hytaýa bolsa 7 otly düzüminiň geçendigi nygtaldy.
Ykdysadyýetçileriň bellemegine görä, bu ugur boýunça Hytaýdan Eýrana daşalýan ýüklere sarp edilýän wagty beýleki ugurlara garanda 12 - 14 güne çenli azaltmak mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, degişli ugur boýunça üstaşyr ýükleri geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Mejlisiň barşynda ýangyç-energetika, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýum, standartlaşdyrmak, serhetýaka söwda-ykdysady zolaklaryny döretmek ýaly möhüm pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.