Türkmenistan - Rumyniýa: ylym-bilim ulgamyndaky özara hyzmatdaşlyk işjeňleşýär

25-nji martda Rumyniýanyň Milli Bilim ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa bilen Rumyniýanyň Milli Bilim ministrliginiň Döwlet sekretary Gigel Paraskiwiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyga Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň Halkara gatnaşyklar we Ýewropa işleri boýunça baş müdiri Luminita Matei, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew we Ilçihananyň üçünji Sekretary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky gatnaşyklar we ony ösdürmegiň we berkitmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministriň orunbasary rumyn tarapynyň bilim we ylmy barlaglar ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge gyzyklanýandyklaryny aýtdy we daşary ýurtda okamaga isleg bildirýän türkmenistanly ýaşlaryň Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerini hem saýlaýandyklary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde Ç. Rüstemowa, Türkmenistanyň bu babatda halkara tejribesine we bilim ulgamyny kämilleşdirmekde gazanylan üstünliklerine aýratyn ähmiýet berýändigini, esasan hem bu ugurda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de türkmen ýaşlarynyň rumyn ÝOM-de bilim almaklaryna döredilýän mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirildi.

Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna esaslanyp, Rumyniýa her ýyl talyp hakly okuwlaryna daşary ýurtly ýaşlary yzygiderli kabul edýär, häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary üçin olaryň sany 105-e ýetirildi.

Hyzmatdaşlyk meselesinde, türkmen tarapy professor-mugallymlaryň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň iki ýurtda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara we olimpiadalara gatnaşmagyny, şeýle hem hünärlerini kämilleşdirmek maksady bilen professor-mugallymlaryň alyş-çalşygyny ýola goýmagy teklip etdi.

Taraplar akademiki toparlaryny birleşdirmegiň hem-de dostlugy we parahatçylygy ýola goýmagyň serişdesi hökmünde bilelikdäki ylmy işleriň möhümdigini bellediler.

Bulardan başga-da rumyn talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň türkmenleriň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary, türkmen şahyrlarynyň edebiýaty bilen tanyşmaklary üçin Türkmenistan barada “açyk sapaklary” guramaklyk teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygyň çalt depginde ösýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigi baradaky umumy pikiri aýtdylar we agzalan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça göni aragatnaşyk saklamak barada ylalaşdylar.