Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri birnäçe mesele boýunça maslahatlaşdylar

26-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki ministrler ýygnagyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar kämilleşýän döwletara dialogynyň ýokary derejesini nygtadylar.

Taraplar BMG we ÝB ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki özara gatnaşyklara garadylar.

Şu nukdaýnazardan ýakyn günlerde Samarkant şäherinde geçiriljek birinji «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» sammitine taýýarlyk bilen bagly meseleler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.