
Aşgabatda «ÝB — Merkezi Aziýa» görnüşindäki daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirilýär
Şu gün Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Gepleşikleriň esasy mowzugy, geçen ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmekdäki öňegidişlik bolar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň ýurtdaky ilçisi Beata Peksa metbugata beren interwýusynda belledi.
Onuň bellemegine görä, duşuşykda ÝB-niň ýokary wekili Kaja Kallas we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň bäş esasy ugry barada pikir alyşarlar: syýasy gepleşikleri çuňlaşdyrmak, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, energiýa we howa pudagyndaky hyzmatdaşlygy, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we hereket meselesi.
Söhbetdeşligiň doly tekstini baglanyşykdan tapyp bilersiňiz.