Türkmenistan Ylmy diplomatiýa boýunça ählumumy ministrler dialogyna gatnaşdy

25-26-njy martda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirow ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki edara binasynda «Çalt üýtgeýän dünýäde ylmy diplomatiýa: erkekleriň we zenanlaryň aňynda parahatçylygy berkitmek» atly şygar astynda geçirilen Ylmy diplomatiýa boýunça ählumumy ministrler dialogyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, forum Durnukly ösüş üçin halkara ylmy onýyllygyň (2024 — 2033) çäginde guraldy we ählumumy kynçylyklary çözmekde, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde we durnukly ösüş ýörelgelerini ösdürmekde ylmy diplomatiýanyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden ministrleri, diplomatlary we öňdebaryjy alymlary bir ýere ýygnady.

Mejlisleriň dowamynda gatnaşyjylar ylmy hyzmatdaşlyk, ylmy maglumatlaryň elýeterliligi, gözleg howpsuzlygy we parahatçylykly dialogyň guraly hökmünde ylmyň ulanylmagy bilen baglanyşykly möhüm meselelere garadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki ministrler beýannamasy kabul edildi.