
UNFPA guramasy 2026-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanda alyp barjak iş maksatnamasy bilen tanyşdyrdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasy milli hyzmatdaşlaryna 2026-2030-njy ýyllar üçin guramanyň ýurt maksatnamasy bilen tanyşdyrdy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, Ýurt maksatnamasy 2024-nji ýylda milli hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, birnäçe geňeşme duşuşyklar geçirilenden soň işlenip düzüldi.
UNFPA-nyň Türkmenistanda täze işe başlan ýurt boýunça direktory hanym Çinwe Ogbonna UNFPA-nyň Türkmenistanyň hökümetiniň goldawy bilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky işlerine ygrarlydygyny nygtady.
Ol bilelikdäki tagallalaryň esasynda Maksatnamanyň Türkmenistanyň ilatynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Bu maksatnama geljek 5 ýylda UNFPA-nyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär.
Resminama ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryna we Türkmenistanyň ilatynyň zerurlyklaryna laýyk gelýär – diýlip, neşirde bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda UNFPA guramasynyň Türkmenistanda täze işe başlan ýurt boýunça direktory hanym Çinwe Ogbonna bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy geçirildi.