Türkmenistan we Täjigistan medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Täjigistanyň Aşgabadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar hem-de medeni alyş-çalyşy pugtalandyrmagyň anyk usullaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da, iki ýurduň döredijilik wekiliýetleriniň Türkmenistanda we Täjigistanda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.