Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de ol türkmen döwletiniň Baştutanyny Nowruz baýramy bilen gutlady we Täjigistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan umumy taryhy, medeni kökleri bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Öz nobatynda, Prezident Serdar Berdimuhamedow hem Prezident Emomali Rahmona mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow we daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin häzirki wagtda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uzak möhletli hem-de strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşlikde iki döwletiň Liderleriniň arasyndaky özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň, şeýle hem yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleriniň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygy nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana amala aşyran saparynyň çäklerinde gol çekilen degişli resminamanyň möhümdigi barada aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllyk ýubileýiniň ähmiýetini nygtady. Şeýle-de ol Prezident Serdar Berdimuhamedowy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamany üçünji gezek kabul etmegi bilen gutlap, bu Kararnamalaryň awtordaşy bolan Täjigistanyň şanly sene mynasybetli şu ýyl geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga, şeýle hem Türkmenistanyň netijeli başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu babatda söwda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Medeni-ynsanperwer ulgam hem döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.