Türkmenistan we Eýran Özara düşünişmek hakynda täze ähtnamalary baglaşdylar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň Aşgabatda geçirilen 17-nji mejlisinde iki ýurduň wekilleriniň arasynda weterinariýa, oba hojalygy, elektrik energetika, elektrik liniýalary, şeýle hem Eýranyň elektrik enjamlaryny we gurluşyk serişdelerini eksport etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Gepleşikeriň çäklerinde Aşgabat we Maşat şäherleriniň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda taraplar Gumdag (Türkmenistan) - Inçeburun (IRI) ýolunyň gurluşygyna degişli şertnama barada hem ylalaşyk gazandylar.

Toparyň mejlisinde Türkmenistan bilen Eýranyň resmileriniň arasyndaky gazanylan şertnamalaryň pul hasabyndaky möçberi takmynan 1 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Şeýle hem taraplar ykdysadyýetiň we logistikanyň ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny mälim etdiler.