TDHÇMB-da söwdalaşyklar: agardylmadyk mata we dokma galyndylary ýerlenildi

27-nji martda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.

Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerinden agardylmadyk matany satyn aldylar.

Türkmen işewürleri Dokma senagaty ministrligi bilen dokma galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 90 000 manada we 138 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.