
Ýewropa Parlamentinde Bitaraplygyň parahatçylygy berkitmekdäki orny bilen baglanyşykly Ýörite mejlis geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy marty, Brýussel — Brýusseldäki Ýewropa Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasy bilen Ýewropa Parlamentiniň bilelikde guramagynda «Bitaraplygyň halkara parahatçylygy berkitmekdäki orny» atly ýörite maslahat geçirildi. Çärä Ýewropa Parlamentiniň agzasy hanym Katarina Newedalowa moderatorlyk etdi.
Çärä Ýewropa Parlamentiniň deputatlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary, diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, seljeriş merkezleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Baş tema hökmünde häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda bitaraplygyň ähmiýeti, öňüni alyş diplomatiýasy we durnukly parahatçylygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Palwanow esasy çykyş bilen çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň passiw ýagdaý däldigini, eýsem ähli ýurtlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ynamy we gepleşikleri goldamaga gönükdirilen işjeň we döredijilikli daşary syýasat ugrudygyny nygtady.
Ilçi çykyşynda 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan konsensus esasynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly täze Kararnamanyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň netijeliligini halkara derejesinde ýene-de bir gezek tassyklandygyny aýratyn belläp geçdi. Kararnamada bitarap döwletleriň çäkleriniň parahatçylykly gepleşikler üçin meýdança hökmünde ulanylmagynyň maslahat berilmegi, Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde eýeleýän ornunyň ykrar edilýändigini görkezýär.
Çärede Slowakiýanyň Prezidentiniň hukuk meseleleri boýunça geňeşçisi professor Miroslaw Slaştan çykyş edip, Ýewropa tarapyndan bitaraplygyň halkara hukuk tertibiniň we durnuklylygyň saklanylmagyndaky ähmiýeti bilen baglanyşykly garaýyşlaryny paýlaşdy. Ol kiçi döwletleriň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldamakdaky konstruktiw ornuna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri öz çykyşlarynda ýurduň bitaraplyk syýasatynyň ösüşi, onuň hukuk esaslary we dürli ugurlarda — ynsanperwer diplomatiýadan başlap parlamentara hyzmatdaşlyga çenli — üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin maglumat berdiler. Olar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň çäginde döredilen Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly äsüş üçin bitaraplygyň dostlary toparynyň işine aýratyn üns berdiler.
Çäräniň ikinji bölüminde açyk pikir alyşma boldy. Oňa gatnaşan žurnalistler, analitikler we halkara guramalaryň wekilleri çykyş edenlere soraglar berdiler we öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Bu bölümde çykyş edenler we gatnaşyjylar häzirki zaman dünýä ýagdaýlarynda bitarap döwletleriň pozisiýasynyň hormatlanmalydygyny aýratyn bellediler, sebäbi bitarap meýdançalar parahatçylykly gepleşikler, ynamy berkitmek we dawaly meseleleri çözmek üçin zerur we ähmiýetli giňişlik bolup durýar.
Çäre gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha aldy we Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklarynyň, esasan hem parlament derejesindäki hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşant boldy. Şeýle hem, bu çäre Türkmenistanyň halkara derejede parahatçylyk, durnuklylyk we özara düşünişmek ýaly gymmatlyklaryň ilerledilmegine gönükdirilen başlangyçlaryna eýerýändigini ýene bir gezek görkezdi.